münmek

münmek
işlik
1) Bir ýere gitmekçi bolup, ulag üstünde oturmak.
∙ Aýsoltan şol tämiz howada samolýata münmäge taýynlanýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
2) Bir zadyň üstüne, ýokary çykmak, üstünde oturmak.
∙ Ýene mündi ejesiniň dyzyna. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýazuw düzgüni: Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem münmek - mündüm, mündüň, münüpdir.
gahar-gazaba münmekseret gahar-gazap
∙ Monah gahar-gazaba münipdir. («Mydam Taýýar» gazeti)
mekgisine münmekseret mekge
∙ Tezekli haltamy arkama alyp mekgesine münýändirin. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
ökjesine münmek (düşmek)seret ökje
∙ Çopanyň --Bas dönügi! -- diýeni bilen beýleki itler onuň ökjesine münýärler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать реферат

Смотреть что такое "münmek" в других словарях:

  • münmek — binmek I, 421; III, 30, 48, 60, 177, 429 …   Divan-i Luqat-i it-Türk Dizini


Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»